Russiýanyň «Ozon» internet-dükany öz markasy bilen telewizor öndürip başlady. Dükan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli enjamyň 100 müň sanysyny bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Söwda kompaniýasy şeýle maksat bilen «Hartens» kompaniýasyndan «Hartens» markasyny satyn aldy. Kompaniýada «Hususy söwda markasynyň bolmagy «Ozon»-a alyjylary üçin elýeter bahadan teklip edilýän ýokary hilli önümleriň sanawyny giňeltmäge kömek eder» – diýip belleýärler. Mart aýynda «Sberbank» we «M.Wideo-Eldorado», «Salyut» teleýaýlym ulgamynda işleýän «Sber» brendi bilen telewizorlary Russiýanyň bazaryna çykardylar.