Robot saglyga gözegçilik edýär

12 Aprel 2022
1230

Şu gün paýtagtymyzda açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi täzeliklere we täsinliklere baý. Sergidäki her bir bölüm özüne çekýär.

Köpugurly sergä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çeken aýratynlyklaryň biri sagdynlyk ýörelgelerini wagyz edýän robot boldy. Şu habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda hem synlaýşyňyz ýaly, robot sergi zalynyň ähli ýerine aýlanyp, zyýansyzlandyryş işlerini geçirýär. Munuň üçin ol kelle böleginden zyýansyzlandyryjy ergin pürkýär.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar