Kämilligiň gözbaşy

11 Aprel 2022
1391

Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýeti ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet, ýagny internet arkaly amala aşyrylýan ykdysady gatnaşyklar innowasion sanly maglumat-tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemläp, ony ornaşdyrmak boýunça bütin dünýäde amala aşyrylýan işler «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem atlandyrylýar.

«Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna täsir edip başlamagy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn ünsüň berilmegi bilen birlikde, bu ugruň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Aşyrmuhammet NAZAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar