Amerikanyň elektromobilleri öndürýän «Tesla» kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde awtoulag önümçiligini 68% artdyrdy. Kompaniýa 310 048 awtoulag öndürip, önümçiligini rekord derejä ýetirdi. 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa, 305 407 awtoulag öndüripdi. Şeýle-de «Tesla» Şanhaýda (Hytaý) ýerleşýän awtozawodynyň aprel aýynyň ahyrynda işläp başlajakdygyny habar berýär.
Geçen birža söwdalarynda «Tesla»-nyň paýnamalary 0,65% ösdi we ABŞ-nyň 1084,59 dollaryna barabar boldy.