ABŞ-nyň «KKR» kom­pa­ni­ýa­sy To­kio­nyň gaz­na bir­ža­sy­na çy­kar

10 Aprel 2022
1132

Ame­ri­ka­nyň «KKR» ma­ýa ­go­ýu­m kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň çip ön­dür­mek üçin en­jam­la­ry ön­dür­ýän «Ko­ku­sai Electric» kom­pa­ni­ýa­syn­da­ky pa­ýy­ny 2022-nji ýy­lyň iýun aýy­nyň ba­şyn­da To­kio­nyň gaz­na bir­ža­sy­na çy­ka­rar. Bir­ža­da «Ko­ku­sai Electric»-iň ba­zar ba­ha­sy, tak­my­nan, 700 mil­liard ýe­na ba­ra­bar (ABŞ-nyň 5,67 mil­liard dol­la­ry) paý­na­mala­ry ýer­leş­di­rer. Bu amal To­kio­nyň bir­ža­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan söw­da­la­ryň iň uly möç­ber­li­si bo­lar. Mag­lu­mat çeş­me­le­ri­niň ber­ýän ha­ba­ry­na gö­rä, To­kio bir­ža­sy bu tek­li­bi maý aýy­nyň ba­şyn­da tas­syk­lar. «KKR» öz pa­ýy­ny ABŞ-nyň we gaý­ry ýurt­la­ryň ma­ýa­ go­ýu­jy­la­ry­na sat­ma­gy mak­sat edi­nýär.

Täzegül HYDYRGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar