Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

7 Aprel 2022
1334

Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletiň häzirki zaman derejesindäki ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Bütin dünýäde sanly innowasiýalary öňe sürmek bäsdeşlige ukyplylygyň, ykdysady ösüşleriň aýrylmaz şertine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.

Allamyrat AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň  kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar