Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp

6 Aprel 2022
1143

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem täze tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Şunda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak bilen ylmyň, ylmy-barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek boýunça alnyp barylýan işler häzirki wagtda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzda iş bilen üpjünçilik, önümçilik, sarp ediş, hyzmatlar ulgamlary döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalara daýanýan ylmy-barlag işleri synaglaryň we seljermeleriň barşynda anyk netijeleri ýüze çykarýar we önümçilige hödürlenýär. Sanly ulgam önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty ep-esli azaltmak bilen, serişdeleriň tygşytly we daşky gurşawa zyýansyz ulanylmagyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasyny kemala getirmäge uly ýardam edýär.

Goý, berkarar Diýarymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde ylym-bilime, iň kämil tehnologiýalaryň örän çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jahan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar