Täze elektroulag kärhanasy

30 Mart 2022
1284

Germaniýanyň paýtagty Berliniň eteginde täze elektrik awtomobilleri öndürýän kärhana açyldy. Täze kärhana Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda esaslandyrylan «Tesla» kompaniýasynyň Ýewropadaky ilkinji önümçilik kärhanasydyr. Täze önümçilik desgasy 12 müň adamy iş bilen üpjün edip, ýylda 500 müňe çenli elektrik awtomobilleri öndürer. Kärhananyň gurluşygy 2019-njy ýylyň noýabrynda başlanyp, gysga wagtda tamamlandy. Geljekde kärhanada elektrik awtomobilleriň batareýalary, elektrik enjamlary öndürilip, awtomobilleriň şaýlary ýygnalar. Şanly waka mynasybetli kärhananyň öndüren ilkinji 30 sany elektrik awtomobili alyjylara dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Beýleki habarlar