Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginiň hasabatyny çap etdi. Hasabata laýyklykda, kompaniýanyň girdejisi 40% ýokarlanyp, 4,47 milliard ýuana (ABŞ-nyň 702 million dollary) barabar boldy. Çärýek netijesi bilermenleriň beren 4,2 milliard ýuan çaklamasyndan ýokary boldy. Söwdalary 21% ösüp, 85,6 milliard ýuana deň boldy. Şonuň bilen bilelikde, smartfonlaryň söwdasy bütin dünýä boýunça 3,9% ösüş gazandy. Kompaniýanyň söwdalary 2021-nji ýylyň jemi boýunça 33,5% ýokarlanyp, 328,3 milliard ýuana, sap girdejisi bolsa bir ýylda 69,5% köpelip, 22 milliard ýuana ýetdi.
Geçen birža söwdalarynda «Xiaomi» kompaniýasynyň paýnamalary 6,13% gymmatlady.