Amerikanyň 3D çaphana tehnologiýalaryny işläp düzýän «Desktop Metal» kompaniýasy 2021-nji ýylyň we dördünji çärýeginiň hasabatyny berdi. Dördünji çärýekde «Desktop Metal»-yň girdejisi 123% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 56,7 million dollaryna ýetdi. Tutuş ýylyň dowamynda girdeji 583% artyp, ABŞ-nyň 112,4 million dollaryna deň boldy. Geçen ýyl kompaniýa täze senagat 3D çap ediş «P-50» ulgamyny önümçilige goýberdi. «P-50» printeri bölek önüm çap edýän printerlerden has köp mukdarda metal önümlerini çap etmäge ukyplydyr.