«Tesla» kompaniýasy 2022-nji ýylyň fewral aýynda Hytaýda ýerleşýän kärhanalarynda 56 515 elektromobil öndürdi we şolaryň 33 müňden gowragyny eksporta iberdi. Şu ýylyň ýanwarynda kompaniýa ýurtda 59 845 elektromobil öndüripdi.
Şeýle-de şu ýylyň fewral aýynda Hytaýyň «Nio» kompaniýasy 6 131 (bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9% köpdür), «Li Auto» kompaniýasy 8 414 (265,8%), «Xpeng» kompaniýasy bolsa 6 225 (180%) elektromobil öndürdiler. Umuman alanyňda, geçen aý Hytaýda 1 270 000 elektrokar öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7% köpdür.