«Beam Global» tehnologiýa kompaniýasy «AllCell Technologies» kompaniýasyny, takmynan, 1 million paýnamasynyň hasabyna satyn aldy. Şertnamanyň resminama işleri 2022-nji ýylyň 1-nji martynda tamamlandy. Şeýlelikde, «Beam Global» «AllCell»-iň paýnamalarynyň 90,3%-ine eýe boldy. Bu geleşigiň netijesinde, «Beam Global»-yň çykdajylary, takmynan, 7% azalar. Kompaniýanyň kuwwatlandyryjy stansiýalary energiýany saklamak üçin Gün panelleri we batareýalar arkaly işleýär. «AllCell»-iň bolsa dürli ululykdaky batareýalary çalt ýygnamak üçin amatly önümçiligi bar. Şeýle-de çykdajylary azaltmak bilen bilelikde, «Beam Global» önümçiliginiň gerimini giňeltmäge mümkinçilik alar.
Geçen birža söwdalarynda «Beam Global»-yň bir paýnamasy ABŞ-nyň 14,51 dollaryndan bahalandy.