Iň täze tehnologiýalar esasynda
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi sanlyja ýylyň içinde düýpli özgerdi. Gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly desgalaryň innowasion çözgütleriň, ekologik talaplaryň esasynda ýerine ýetirilmegi has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden bellenilen 2021-nji ýylda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ägirt uly, öňdebaryjy innowasiýalara daýanýan «Aşgabat-siti» taslamasyna badalga berildi. Döwrüň häzirki zaman «smart siti» şähergurluşyk taslamasyny özünde jemlejek bu uly göwrümli gurluşyk paýtagtymyzyň dünýäniň yzygiderli ösýän megapolis şäheri hökmündäki ornuny has-da berkider.