Geçen hepde «Sierra Wireless» kompaniýasy önümlerine bolan uly islegiň we maýa goýumlaryň netijesinde umumy girdejisiniň 24% ýokarlanandygyny habar berdi. Kompaniýa zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrdy, şeýle-de Meksikada täze kärhanasyny işe girizdi. Häzirki wagtda «Sierra Wireless» kompaniýasynyň zawodlarynyň hemmesi müşderileriň routerlere we 4G – 5G ulgamlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin uly işleri alyp barýarlar. Bilermenler 2022-nji ýylda «Sierra Wireless»-iň girdejisiniň 20% ýokarlanmagyna garaşýarlar.
Maglumat üçin, «Sierra Wireless» simsiz aragatnaşyk enjamlaryny öndürýän hem-de hyzmatlaryny üpjün edýän kompaniýadyr.