Güýçlendirijiler kämilleşýär

14 Fewral 2022
1053

Realme kompaniýasy smartfony 200Wt güýçde kuwwatlandyrmaga mümkinçilik berýän güýçlendirijini hödürleýär. Häzirki wagtda öňdebaryjy kompaniýalar enjamlary çalt kuwwatlandyrmaga mümkinçilik berýän güýçlendirijileri döretmäge uly üns berýärler.

Hünärmenleriň bellemegine görä, bu işde Realme kompaniýasynyň täze enjamy uly öňegidişlik bolar. Ýeri gelende bellesek, enjamlary diňe çalt kuwwatlandyrmak däl, eýsem doly kuwwatlanan enjamyň uzak wagt işlemegini gazanmak hem aýratyn ugurlaryň biridir. Häzirki wagt enjamlary doly kuwwatlanandan soňra birnäçe gün işlemäge ukyplydyr.

Rejepgeldi AÝMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar