«Mobile World Congress 2022» sergisinde fransuz öndürijisi «OFF Global» tarapyndan işlenip düzülen Nokia markaly noutbuklary görkeziler. 15,6 we 17,3 dýuým displeýli, Intel Core prosesorlarynyň 12-nji nesli bilen enjamlaşdyrylan Nokia PureBook Pro noutbuk modelleri Ýewropa bazarlarynda peýda bolar.
Modeller Windows 11 ulgamynda goýberilip, Alder Lake nesliniň 10 ýadroly Intel Core i3-1220P prosessorlary bilen işlär. Ýadrolaryň ýygylygy adaty tertipde 1,5 GGs we “turbo”-da 4,4 GGs, tygşytly ýadrolar degişlilikde 1,1-33 GGs aralygy üpjün eder. Ýakyn geljekde has güýçli aýratynlyklary bolan Intel Core i5 esasly Nokia PureBook Pro-nyň görnüşleri hem peýda bolar.