«Counterpoint» barlag geçirijileri 2021-nji ýylda öýjükli telefonlar boýunça netijeleri mälim etdiler.
Öýjükli el telefon bazarynda birinji ýerde «Samsung» kompaniýasy durýar. Ýylyň dowamynda kompaniýa 270,7 million öýjükli el telefon satdy we satuwy 6% ýokarlandyrmagyň hötdesinden geldi. «Apple» hem öz bäsdeşine golaýlady we 237,9 million enjam satmagy başardy. «Xiaomi» 190,4 million el telefonyny ýerläp, satuwy 31% ýokarlandyrmak bilen ilkinji üçlügi jemledi. Görkezijilerden belli bolşy ýaly, «Apple»-niň we «Xiaomi»-niň satuw işleriniň netijeleri kompaniýalaryň özi üçin rekord bolup durýar. Bu barada «Counterpoint Research» habar berýär.