Aragatnaşyyk kommunikasiýalarynyň ösmegi, maglumat alyş-çalşyny üzül-kesil çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Maglumatlary işlemegiň we geçirmegiň häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakda, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem raýat jemgyýetini sazlaşykly ösdürmegiň çärelerini durmuşa geçirmekde täsirli gural hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem biziň ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegine, hususan-da, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyna, «Elektron hökümet» ulgamyna geçilmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýet boýunça öňdebaryjy döwletler bilen aýakdaş gitmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.