Elektrokar öndürýän «Blue Bird» korporasiýasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri barada habar berdi. Hasabata laýyklykda, korporasiýanyň ýerine ýetiren sargytlary (benzin, dizel, gibrid, ähli elektrokar) 280-den gowrak boldy. «C» we «D» görnüşli awtobuslary bolsa 4800-den geçdi.
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «Blue Bird» korporasiýasynyň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 19,42 dollary möçberinde bahalandy. Häzirki wagtda korporasiýanyň bazar söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 645,33 milliard dollaryna barabar boldy.