Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Bereket kompýuter» dükany 2018-nji ýylda öz işine başlady. Geçen 4 ýylyň içinde howpsuzlyk ulgamlary we kompýuter tehnologiýasy pudagyna degişli önümler hem-de hyzmatlar bilen ygtybarly üpjün ediji hökmünde müşderileriniň ynamyny gazanmagy başardy.
Häzirki wagtda «Bereket kompýuter» dükany kompýuter we wideo gözegçilik ulgamlaryny satmak, bejermek, gurnamak, hyzmat etmek, 6 aý kepillik möhletli wideo gözegçilik kameralaryny gyssagly gurnamak ýaly hyzmatlary hödürleýär. Dükanda howpsuzlyk ulgamlarynyň giň görnüşi — wideo, ýangyn duýduryşlary, girelgäni dolandyryş ulgamy, noutbuklar, kompýuterler, şeýle-de ofis enjamlary bar. Ýeri gelende aýtsak, dükanyň hyzmat ediji hünärmenleri islendik çylşyrymly elektroniki abatlaýyş işlerini hem ýerine ýetirýärler.