Dünýä täzelikleri

16 Fewral 2022
1375

Sergi meýdançasy üýtgedip gurlar

Şu ýylyň 31-nji martyna çenli dowam edýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisi tamamlanandan soňra, onuň ýerleşýän ýerini söwda we ýaşamak üçin has amatly bolan şäherçä öwürmek meýilleşdirilýär. Şäherçe sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna laýyk gurlup, onuň islendik ýerinden beýleki bir künjegine pyýada ýa-da welosipedde 15 minudyň dowamynda baryp bolar ýaly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna barabar bu taslamany durmuşa geçirmek üçin degişli ýurtlar özlerine degişli sergi meýdançalaryny üýtgedip gurmak boýunça tekliplerini hödürleýärler. Mysal üçin, Beýik Britaniýa öz sergi meýdançasynda wodorod energiýasy boýunça merkezi, Italiýa bolsa Renessans döwrüniň mirasyna bagyşlanan täze taslamany hödürleýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar