«Web taslama — 2022» bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

10 Fewral 2022
1439

Hormatly Prezidentimiziň üns-aladasyndan kalplary buýsanja beslenýän ýaşlar ylym-bilimde taplanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişýärler. Täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Web taslama — 2022» ady bilen web-saýtlary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýakynda jemi jemlenilen bu bäsleşikde birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň talyplary eýe boldular.

Bäsleşikde her topar iki adamdan ybarat bolup, olaryň biri web-sahypanyň serwer bölegini, beýlekisi bolsa müşderi bölegini ýerine ýetirdi. Emin agzalary talyp ýaşlaryň işleri guraýşyna we dolandyryşyna, web-sahypalaryň grafiki bezegine, sahypalaryň ýygymyna, müşderi tarapyndan programmirlemä, serwer tarapyndan programmirlemä we beýleki şertlere görä baha berdiler.

Maýa ALLABERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar