Her ýyl fewral aýynyň ikinji sişenbesinde Ýer ýüzünde Halkara howpsuz internet güni bellenilýär. XXI asyryň tehnologiýalaryň asyry diýlip atlandyrylmagy bilen, gündelik durmuşda sanly tehnologiýalaryň çalt ýaýramagy döwrüň zerurlygyna öwrüldi.
Internetiň döremegi we onuň güýçli depginler bilen ösmegi XX asyryň ahyrynda dünýä medeniýetiniň taryhynda uly we ähmiýetli waka boldy. «Internet» düşünjesiniň iň ýönekeý kesgitlemesi — kompýuter torlarynyň birleşmesidir. 1969-njy ýylda ABŞ-nyň Goranmak ministrligi tarapyndan «Arpanet» atly taslama işlenip düzülýär. Harby işlerde maglumatlar ulgamyny baglanyşdyryjy hökmünde ulanylan bu taslama has kämilleşdirilýär, raýat we parahatçylyk maksatlarynda dünýä ýaýraýar. 1990-njy ýyldan başlap özara kompýuterler ulgamlaryny baglanyşdyryjy ulgam «internet» diýlip atlandyrylyp başlanýar. Şeýle tor «internet-protokol» diýlip atlandyrylan kadalar boýunça Kaliforniýanyň üç toruny Ýuta ştatynyň tory bilen birikdirdi. 1972-nji ýylda uniwersitetler we barlag edaralary üçin internetden peýdalanmaga mümkinçilikleriň açylmagy bilen, ylalaşygy bar bolan