Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy smartfonlar we noutbuklar üçin täze ýan zarýad beriji enjamy öndürip başlady. Zarýad berijiniň içine özüne birikdirilen enjamyň parametrine laýyk berilmeli zarýady awtomatik usulda kesgitleýän çip oturdylandyr. Onuň göwrümi 55х55х28,3 millimetre barabar, agramy 135 grama deňdir. Enjam bir metrlik USB Type-A we USB-C kabelleri bilen üpjün edilendir. «Huawei» kompaniýasynyň täze önüminiň bahasy, takmynan, 63 dollara deň bolup, ol Hytaýda satlyga çykaryldy.