«Renault», «Nissan» we «Mitsubishi» awtoulag kompaniýalary 2030-njy ýyla çenli elektromobilleriň 35 sany täze modelleriniň önümçiligini ýola goýmak maksatly 23 milliard ýewro maýa goýmakçy bolýarlar. Fransuz-ýapon awtoulag bileleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, kompaniýalar elektrik ulaglary üçin batareýa tehnologiýalaryny işläp düzmek meýilnamalary barada ylalaşdylar. Bu, hususan hem, «Nissan» we «Renault» üçin Fransiýada, Beýik Britaniýada we Ýaponiýada batareýanyň umumy üpjün edijisini saýlamaga mümkinçilik berer.