«Tesla» öz elektrik awtoulaglaryny 2023-nji ýyldan başlap hereket aralygyny artdyrjak täze batareýalar bilen enjamlaşdyrar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň beýanatyna görä, Ýaponiýanyň «Panasonic» kompaniýasy elektrokarlary öndürýän «Tesla» kompaniýasy üçin hereket uzaklygyny köpeltmäge mümkinçilik berjek akkumulýatorlaryň täze görnüşini öndürip başlar. Şol maksatly «Panasonic» Wakaýama prefekturasyndaky (Ýaponiýa) zawodyny döwrebaplaşdyrmak üçin 80 milliard ýen maýa goýar. Zawod döwrebaplaşdyrylandan soň her ýylda 150 müň elektrik awtoulagy batareýalar bilen üpjün eder.