Saýawanyň döreýşi

19 Ýanwar 2022
1956

Biz saýawany ýyllaryň dowamynda peýdalanyp gelýäris, şonuň üçinem bize onuň nähili maksat bilen, haýsy şertlere laýyklykda ýüze çykandygyny, kämilleşendigini bilmek gyzykly bolsa gerek. Saýawana köpsanly halklaryň dilinde «zont» diýilýär.

Bu söz bolsa niderlandlaryň «zonnedoek», «zondek» diýen sözlerinden gelip çykyp, asylky manysynda «Günden goranmak» diýmegi aňladýar. Şol sebäpden hem taryhy maglumatlara görä, ilkinji saýawanlar ýagyşdan däl-de, Günden goranmak üçin ýörite döredilipdir. Soňlugy bilen bolsa saýawanlar kelläniň üstünde saklamak üçin niýetlenen hasa oturdylan demir simlerden ýasalan çarçuwanyň üstünde ýazylýan sintetik, suw geçirmeýän materialdan (neýlon, poliamid) ybarat bolupdyr. Aslynda, saýawan biziň eýýamymyzdan öňki XI asyrda hem bar eken. Şol wagtky saýawanlaryň beýikligi 1,5 metr bolup, agramy 2 kilogram töweregi bolupdyr. Biraz soňraky döwürde saýawan Hindistanda baýlygyň we güýç-kuwwatlylygyň nyşany hasaplanypdyr.

Beýleki habarlar