Aerokosmos böleklerini öndürýän «TransDigm» kompaniýasy ýokary girdejililigi bilen meşhurdyr. Hünärmenleriň pikiriçe, üç ýylda ätiýaçlyk şaýlarynyň bahasy, takmynan, ABŞ-nyň 20 million dollaryndan gowrak ýokarlandy. 2021-nji ýylyň soňky günlerinde «Morgan Stanley» bankynyň analitigi Kristine Liwag «TransDigm»-i 2022-nji ýylda ABŞ-nyň howa giňişligine maýa goýmagyň iň oňat görnüşi diýip atlandyrdy.
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «TransDigm»-iň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 654,21 dollaryndan bahalandy.