«Ge­ne­ral Mo­tors» on­laýn aw­tou­lag ba­za­ry­ny aç­ýar

17 Ýanwar 2022
1148

«Ge­ne­ral Mo­tors» kompaniýasy 2022-nji ýy­lyň ýaz aý­la­ryn­da «CarB­ravo» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan aw­tou­lag sa­tu­wy üçin on­laýn ba­za­ry­ny aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. On­laýn plat­for­ma­nyň, esa­san, di­ler­le­riň sa­tu­wy­na iter­gi ber­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Ge­ne­ral Mo­tors» kompaniýasy «Carvana», «Car­Max» we «Vro­om» ýa­ly on­laýn sa­ty­jy­lar bi­len bäs­deş­lik eder.

Tä­ze saý­tyň şu ýaz­da ula­nyly­şa gi­ri­zil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. On­laýn ba­zar­da «Chevro­let»-iň, «Buick»-iň we «GMC»-iň di­ler­le­ri «GM» mar­ka­ly aw­tou­lag­la­ry we beý­le­ki aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ulan­ýan ulag­la­ry­ny hö­dür­lär.

Kakamyrat KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Beýleki habarlar