«Airbnb» kompaniýasy söwdalaryny ABŞ-nyň 10 trillion dollaryna çenli ýokarlandyryp biler. Ýeri gelende aýtsak, «Airbnb» platformasyndaky soňky sargytlaryň umumy mukdary ABŞ-nyň 41 milliard dollaryndan geçdi. Kompaniýanyň häzirki söwda bazary, takmynan, ABŞ-nyň 3,4 trillion dollaryna barabar bolup, esasan, gysgamöhletli berilýän ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. Maglumat üçin, 2021-nji ýylda «Airbnb»-iň sargytlarynyň 90%-den gowragy marketing gulluklaryndan däl-de, göni platformadan ýüz tutýan müşderilerinden ybaratdy.
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «Airbnb»-iň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 168,61 dollaryndan bahalandy.