Kiberhowpsuzlyk — maglumat goraglylygynyň binýady

4 Ýanwar 2022
1480

Häzirki zaman dünýäsi ösen tehnologiýalara daýanýar. Durmuşyň islendik pudagynda ylmyň, tehnologiýanyň gazananlary netijeli ulanylýar. Kämil tehnologiýalar döwlet durmuşyny netijeli guramakda, işleri tiz we tygşytly ýola goýmakda, raýatlaryň intellektual derejesini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda pudaklary sanlylaşdyrmakda, ösen tehnologiýalara esaslanýan durmuş-ykdysady özgertmelerini geçirmekde, halkyň intellektual derejesini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar.

Tehnologiýa, kompýuter ulgamlarynyň durmuşa giňden ornaşmagy bilen maglumat alyş-çalşygy giňeýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda maglumat desgalarynyň we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlarynyň kibergoraglylygy üpjün edilýär. Olara ähli ulgamlaryň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary degişlidir. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny makullady we oňa gol çekdi. Bu ähmiýetli «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny milli kiber giňişligini dolandyrmak, ony wehimlerden hem-de monitoringden goramak boýunça ähmiýetlidir.

Muhammet MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar