Sanly ulgam ösüş ýolunda

11 Ýanwar 2022
1763

Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we beýlekiler bilen üpjün edildi. Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna hem birikdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.

Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar