Gadymy paýtagtlar

5 Ýanwar 2022
2565

Şöhratly taryhyň merkezi

Paýtagtymyzyň töwereginde ýerleşen gadymy galalaryň we arhitektura binalarynyň galyndylary bu ýerlerde taryhyň irki döwürlerinde hem ýaşaýşyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda, paýtagtymyzda ýerleşen Gadymy Nusaý galasy hem öz gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Bu gala öz döwründe dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde tanalan gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr. Bu ýerde galalaryň ikisi — Köne we Täze Nusaý galalary ýerleşýär. «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasy 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna hem girizilendir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Nurmuhammet Hallymämmedow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar