Bagtyýar geljegiň güwäsi

28 Dekabr 2021
1326

«7/24.tm», №52 (83), 28.12.2021.

Milli Liderimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, ylym-bilimiň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Taryh üçin gysga wagtyň içinde öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigi-de guwanç bilen bellenmäge mynasypdyr.

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar