Ýaşaýyş çeşmesi

23 Dekabr 2021
2384

Ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolan suw hakynda gürrüň gozgalanda pederlerimizden miras galan «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli», «Sil suwy bal suwy», «Suw hasylyň enesidir», «Gyş suwy — gyzyl suw», «Hasyly bişirýänem suw, ýitirýänem» diýen ýaly gyzyla gaplaýmaly pähimler biygtyýar ýadyňa düşýär. Şu pähimlerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyz suwuň her damjasyny altyna deňäp, ony hemişe tygşytly ulanmagy başarypdyrlar. Kärizler arkaly dag etegindäki ýerasty çeşmeleriň süýji suwlaryny ýeriň üstüne akdyrypdyrlar.

Taryhy çeşmelerde bellenilişi ýaly, 1958-nji ýyla çenli Türkmenistanda kärizleriň 180-e golaýy bar eken. Ýaş nesillerimize suwa aýawly çemeleşmek duýgusyny döretmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti juda uludyr. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem Kesearkajyň (Kesearkaç — Gyzylarbat (häzirki Serdar etraby) bilen Kaka aralygyny tutup ýatan giň meýdan, Köpetdagyň etegi) gadymy çaýlarydyr, çeşmeleri barada buýsanç bilen söhbet edilýär. Kitapdaky: «Bakja, Arwaz çaýlary, Degirmenjik, Pantyş, Kyrkgyz çeşmeleri, Hankäriz, Guryçaý, Hüntüş kärizleri bilen bagly gürrüňler bolsa, il içinde häzir hem aýdylyp ýör» diýen sözleri okan her bir adam öz döwründe Kesearkajyň ilatyny we ekerançylyk meýdanlaryny içimlik suwy bilen üpjün eden şol suwaryş ulgamlary, gadymy desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik alýar.

Rüstem ANNAGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar