Sanly ulgamyň harby bilimi kämilleşdirmekdäki ähmiýeti

22 Dekabr 2021
1158

Beýik ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işler örän buýsandyryjydyr. Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi giň düşünjeli, çuňňur ylym-bilim alan, watansöýüji ýaşlara baglydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmak bilen, zehinli ýaşlara halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim, hünär öwredýän täze ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy aýdylanlaryň aýdyň tassyknamasydyr. Şeýle hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap bilim bermegiň hiliniň kämilleşdirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Türkmenistany ösen döwletleriň derejesine ýetirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginlerini üpjün edýär, ilatymyzyň iş bilen üpjünçilik we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda elektron maglumatlaryň we elektron resminamalaryň alyş-çalşygy, dowamly kämilleşdirilýän sanlylaşdyrmak işleri boýunça möhüm kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi hem-de ministrliklerde we pudak edaralarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bilimi dolandyryş ulgam arkaly maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň hemmesine, ilkinji nobatda, okuwçylara we talyplara sanly bilimiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üsti bilen berilmegi maksadalaýykdyr. Ähli bilim edaralarynyň biri-biri bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak üçin, olaryň arasynda sanly maglumat alyşmagyň ýeke-täk torunyň döredilmegi şu günki günüň esasy talabydyr.

Mekan KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar