Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

11 Dekabr 2021
2080

09.12.2021. Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar