Oňyn hyzmatdaşlyk ýoly bilen

2 Dekabr 2021
1215

Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda işjeň we ynamdar hyzmatdaş ýurt hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini ileri tutýan döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk alyp barýan iri halkara guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň işi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Täze «Garagum» myhmanhanasynda 28-nji noýabrda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahatynda beýan edilişi ýaly, özara hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Biziň ýurdumyz 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýada bellenilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegi özara toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda ilkinji we örün möhüm ädime öwrüldi.

Bu sammitiň çäklerinde geçirilen YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde hem netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we işjeňleşdirmäge täze itergi berjek birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi, ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy we işewürlik maslahaty guraldy. Ykdysady gatnaşyklar söwda-jemgyýetçilik gatnaşygy bolup, ol adamlary we ýurtlary biri-biri bilen ýakynlaşdyrmagyň serişdesi hökmünde hem çykyş edýär. Özara ykdysady gatnaşyklar ykdysady bähbitler bilen bilelikde, durmuş, ekologiýa, medeni-ruhy hajatlary kanagatlandyrmaga hem hyzmat edýär. Sammitiň barşynda söwda, ulag we kommunikasiýalar, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligi, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işleri ýaly möhüm ugurlar boýunça «YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine umumy taýýarlyk tassyklanyldy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar