Dost-doganlygyň dabaralanmasy

2 Dekabr 2021
1172

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Bu möhüm çäräniň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän biziň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň bu gurama agza bolan ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýandygynyň, halkara abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli möhüm çäreleri yzygiderli geçirýär. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, oňa agza döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär.

Ogulgül ALLABERDIÝEWA,
Serdar şäher bilim bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar