Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär

2 Dekabr 2021
1221

Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda we geljekden ugur alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi. Dostlukly ýurduň ýolbaşçysy şu foruma wekilçilik edýän döwletleriň cäginiň giňdigini belläp, duşuşygyň oňa gatnaşyjy döwletleriň arasynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz öz çykyşynda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit we dünýä derejesindäki netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň hem-de oňyn başlangyçlar ýörelgesini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-de bu ugurda birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürendigini ýatladyp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda bilelikdäki işleri alyp barmak boýunça anyk teklipleri beýan etdi (hormatly Prezidentimiziň çykyşy gazetiň şu sanynda çap edilýär). Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara bu forumyň çäklerinde üstünlikli işlemegi arzuw etdi. Netijeli ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän işjeň goldawy, ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmek işinde eýeleýän netijeli ýörelgesi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Beýleki habarlar