Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti

2 Dekabr 2021
1220

Eziz Diýarymyzda 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda mundan beýläk göz öňünde tutulýan maksatlara ýetmegi goldajak başlangyçlar bolup durýar. Ýylyň möhüm syýasy wakalarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen sammitiň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Bu sammit Türkmenistanyň sebitde we dünýäde durnukly ösüşi, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde alyp barýan işleriniň barha artýan ähmiýetini mynasyp mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri halkara we hökümetara guramalaryň işine işjeň gatnaşýar we olara döwürleýin ýolbaşçylyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz halkara we sebitara guramalara başlyklyk edýän döwründe bu guramalaryň işiniň syýasy-hukuk binýadynyň kämilleşmegine oňyn goşantlary goşýar. «Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu babatda alnanda uly syýasy üstünlikleriň biridir. Bu Kararnamanyň mazmunynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi ýaly iri taslamalara orun berilmegi ýurdumyzyň durmuşa geçirýän iri maýa goýum taslamalaryna mynasyp baha berilmegini alamatlandyrýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar