Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

29 Noýabr 2021
3645

28.11.2021. Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar