Ýürekleriň we maksatlaryň birligi ÝHG-nyň aşgabat sammitinde öz beýanyny tapdy

28 Noýabr 2021
1053

XXI asyryň barha globallaşýan häzirki döwründe parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda sebit hem-de halkara düzümleriň işlerini ilerletmäge, döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem aýratyn orun degişlidir. Onuň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklerine we eýeleýän ornuna düýn — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň barşynda kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Iri sebitleýin ykdysady gurama bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ysnyşykly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, 1985-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredildi. 1992-nji ýyldan başlap, onuň agzalygyna Owganystanyň, şeýle hem 6 ýurduň: täze garaşsyz döwletleriň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyz Respublikasynyň girmegi bilen bu guramanyň işi has-da işjeňleşdirildi. Şeýlelikde, 500 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit Ýewropanyň, Kawkazyň, Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz içine alyp, Russiýany Pars aýlagy, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklara eýe boldy. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnama laýyklykda, YHG Birleşen Milletler Guramasynda synçy derejesinden peýdalanýar, mundan başga-da, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynda synçy derejesine eýedir. Şeýle-de ol hemişelik hereket edýän sebit maslahat beriji we utgaşdyryjy gurama bolmak bilen, Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň ýanyndaky azyk we oba hojalygy boýunça guramasy, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça Ýöriteleşdirilen edarasy, Halkara Energetika Hartiýasy, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär.

Muhammet BEKGIÝEW.
Beýleki habarlar