Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: gatnaşyklar berkidilýär

26 Noýabr 2021
960

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisiniň başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamine mejlise gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar