Dostluk ýollary dowamat-dowam

26 Noýabr 2021
968

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmakda, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmeginiň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr.

Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyryp, goňşy döwletler bilen söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwrebap we ýokary tehnologiýaly üstaşyr-ulag düzümleri döretmek babatdaky başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.

Akmyrat DERÝAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar