Netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär

25 Noýabr 2021
1024

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende galýar.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugry dünýäniň ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler, abraýly iri sebit we halkara guramalar, olaryň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, «Açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar edilýär.

Tirkeş Mämmedow,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar