Türkmenistan — Hytaý: strategik häsiýete eýe hyzmatdaşlyk

24 Noýabr 2021
1096

22-nji noýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen möhüm, ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine düýpli itergi berendigi bellenildi. Taraplar köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar. Komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag, logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Energetika, ulag we söwda ulgamlary ikitaraplaýyn däp bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr. Taraplar ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň möhüm şertidigini bellediler.

"Nesil".
Beýleki habarlar