Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine

22 Noýabr 2021
1174

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň şanly wakalarynyň biri-de paýtagtymyzda 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitidir. Onuň bilen baglanyşykly esasy çäreleriň hatarynda bu gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de YHG-a agza ýurtlaryň işewürler maslahaty hem bar.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti onuň döredilen gününiň bellenilýän senesinde türkmen paýtagtynda geçiriler. Möhüm çäräni ýokary derejede guramak maksady bilen guramaçylyk topary döredildi.

Amanmyrat ANNAGULYÝEW.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.
Beýleki habarlar