Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gatnaşýan halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki okuwlary, iş duşuşyklaryny, «tegelek stollary», mejlisleri geçirýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Bütindünýä gümrük guramasynyň baş edarasy Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda bu gurama dünýä möçberinde gümrük işine ýöriteleşdirilen ýeke-täk halkara gurama, gümrük işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy halkasy bolup durýar. Oňa gatnaşyjy ýurtlar dünýä söwdasynyň 98 göterimine gözegçilik edýär.