Hormatly Prezidentimiz 4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gulluk iş saparyna ugratmak barada Buýruga gol çekdi. Oňa laýyklykda, wise-premýer 5-nji noýabrda Bişkek şäherinde iş saparynda boldy.
Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumy sebitiň ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilip, onuň çäginde, esasan, pandemiýadan soňra ýurtlaryň ykdysadyýetiniň çökgünligi ýeňip geçip, durnukly ösmegini üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek, ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň depginini güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine garşy çäreleri durmuşa geçirmek, ynsanlaryň saglygyna we ekologiýa zyýansyz iş gurşawyny döretmek ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň premýer-ministrleriniň we Hökümet ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen bu foruma söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Şeýle-de forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleriň hem birnäçesi geçirilip, degişli ylalaşyklar gazanyldy.